Golaýda Aşgabat şäheriniň Oimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Tennis toplumynda jemlenen12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasyndaky tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy Watanymyzyň iri sport baýramçylyklaryny guramakdaky hem-de geçirmekdäki tejribesiniň diýseň uludygyny dünýä ýaýdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze öwüşgin bilen ösdürilýän sport syýasatynyň halkara derejesindäki ykrarnamasy bolan ýaryş Türkmenistanyň bu ugurdaky mümkinçilikleriniň dabaralanmasyna öwrüldi.
Sebit ýaryşynyň ýokary derejede geçmeginde meýletinçileriň ornunyň hem diýseň uludygyny bellemelidiris. Bäsleşige 170 meýletinçi gatnaşyp, olar bu ýerde guramaçylygyň ähli ugurlary boýunça ýardamlaryny gaýgyrmadylar.
Golaýda ýaryşyň guramaçylykly geçmegine ýakyndan ýardam eden meýletinçilere Hormat hatlarynyň gowşurylmagy hem olaryň işine berlen ýokary bahanyň beýany boldy. Bu çäräni Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen bilelikde gurady. Çäräniň dowamynda meýletinçileriň mümkinçilikleri aýratyn bellenip, olara 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasyndaky tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşyndaky sazlaşykly işleri üçin sagbolsun aýdyldy.
«Türkmen sporty» gazeti.