Şu gün — 5-nji iýunda paýtagtymyz Aşgabatda 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasyndaky tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşyna badalga berildi. Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynda geçirilýän halkara ýaryşyň dabaraly açylyşy baýramçylyk ruhuna beslendi. Ýaryşa gatnaşmak üçin Watanymyza gelen daşary ýurtly hünärmenler bilen söhbetdeş bolanymyzda olar bu gezekki sport baýramçylygynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler.
Amir BORGEÝ,
Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) Aziýa sebiti boýunça jogapkär wekili:
—Türkmenistana gelip görmek biziň üçin uly hormatdyr. Iri halkara ýaryşlary geçirmekde baý tejribesi bolan Aşgabatda 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasyndaky tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň guralmagy uly ähmiýete eýedir. Döwrebap sport desgalarynyň jemlenen ýerinde şeýle ýaryşyň ýokary guramaçylykly geçiriljekdigine berk ynanýarys. Ýaryşa gatnaşmaga gelen türgenleriň we hünärmenleriň türkmen myhmansöýerligi bilen garşy alynmagy, bize köp sanly meýletinçileriň ýardam etmegi, döredilen şertler örän begendirýär. Sport ulgamynda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslananmagyny baş wezipe edinýän Türkmenistanyň halkara abraýy günsaýyn artýar. Şu günki ýaryşyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi hem oňa örän içgin taýýarlyk görlendigini tassyklaýar. Şeýle ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi ugrunda döredýän şertleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine sagbolsun aýdýarys. Türgenlere bolsa ýaryşda üstünlikleri arzuw edýäris.
Ýewgeniýa SUŞKOWA,
Gazagystan Respublikasynyň toparynyň kapitany:
— Aşgabadyň ajaýyp Olimpiýa şäherçesindäki döwrebap Tennis toplumynda guralýan ýaryşa gatnaşýandygymyza örän begenýäris. Bu ýerde döredilen mümkinçilikler we ýaryşyň açylyşy mynasybetli guralan dabara ruhumyzy belende göterdi. Güneşli Türkmenistanda ozal hem birnäçe iri ýaryşlaryň ýokary derejede guralandygyndan habarymyz bar. Ine, şu gün badalga alan sebitiň ýaş tennisçilerini bir ýere jemlän ýaryşa gatnaşmagyň biziň üçin gymmatly tejribe boljakdygyny belläsim gelýär. Ilkinji duşuşyklaryň çekeleşikli häsiýete eýe bolmagy welin, türgenleriň bu ýaryşa ýokary taýýarlykly gelendigini görkezýär. Ýaryşda iň güýçli türgenler ýeňiş gazanar diýip umyt edýäris.