Soňky habarlar

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirildi

Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň ata Watanymyzda bolmagy bütin dünýäde sport ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistanyň dünýäde iň abraýly federasiýalaryň, guramalaryň üns merkezinden ornuny tapýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Bu ajaýyp hakykat hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda FIFA-nyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda giňişleýin beýanyny tapdy. Ajaýyp Olimpiýa stadiony bilen tanyşlyk bolsa myhmanda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino saparynyň çäklerinde sport ulgamynyň ýolbaşçylaryny özünde jemleýän türkmen wekiliýeti bilen hem duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanda futboly has-da ösdürmek hem-de umumy maksatlarydyr wezipeleri nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatdaky meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

FIFA-nyň prezidentiniň Türkmenistanda bolmagy Watanymyzda sporty ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň halkara derejesindäki ykrarnamasy bolup dabaralandy.

«Türkmen sporty» gazeti.