Soňky habarlar

Ýetginjekleriň arasynda tennis ýaryşy başlandy

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde 12 ýaşly we ondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionatyny başlandy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryndan we sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryndan soň bäsleşikler başlandy.

Düýn — 1-nji maýda ýaryşa gatnaşýan türgenler hasaba alyndy. Bu gün bolsa ilkinji duşuşyklar geçirilip başlandy. 5-nji maýa çenli dowam etjek ýaryşda paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýetginjek türgenleriň 100-e golaýy jübütleýin we ýekeleýin görnüşlerde güýç synanyşar. Ilkinji duşuşyklar ýaş türgenleriň ýaryşa ýokary taýýarlykly gelendiklerini görkezdi.

Bu ýaryş şu ýylyň iýun aýynyň birinji on günlüginde Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek Ýetginjekleriň adasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar. Soňky ýyllarda türkmenistanly tennisçiler, aýratyn-da, ýaşlar we ýetginjekler halkara ýaryşlarda uly üstünlikleri gazanýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda birnäçe ýaryşlarda gazanylan medallar hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu üstünlikler hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döredilýän şert-mümkinçilikleriň ajaýyp miwesidir.

 

"Türkmensporty" gazeti