Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikdäki «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly Maksatnamasynyň çäklerinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Köpugurly sport toplumynda zenanlaryň arasynda woleýbol boýunça Türkmenabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Bu ýaryşda BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hemde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri-de boldular.
Türkmenabat şäheriniň, Çärjew, Dänew, Saýat we Kerki etraplarynyň zenanlar toparlarynyň arasynda guralan ýaryş ýokary ruhubelentlige beslendi. Bilelikdäki Maksatnamanyň çäklerinde geçirilen bu sport ýaryşy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly ilatyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr.
Çekeleşikli geçen ýaryşda birinji orny Türkmenabat şäheriniň 1-nji topary eýeledi. Çärjew etrabynyň topary ikinji ýeri eýelese, Kerki etrabynyň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýokary guramaçylykly geçen ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň sowgatlary, şeýle hem Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary gowşuryldy.
Gurtgeldi GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy.