Gadyrly aýal-gyzlar! Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Siziň ähliňizi ýetip gelen ajaýyp baýram — 8-nji mart — Halkara zenanlar güni bilen gyzgyn gutlaýar.
Goý, bu güneşe baý bahar baýramy Size çäksiz şatlyk eçilsin! Siziň şadyýan ýylgyryşlaryňyz dünýä mähir we ýylylyk paýlaýar. Goý, siziň ajaýyp arzuwlaryňyz, öňde goýan maksatlaryňyz hemişe hasyl bolsun!
Siz öz ajaýyp göreldäňiz we päk zähmetiňiz bilen bedenterbiýäniň we sportuň diňe bir jan saglyk eçilmek bilen çäklenmän, eýsem ynsanyň häsiýetini we erkini taplaýandygyny aýdyň subut edýärsiňiz. Şu günki gün Türkmenistan ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha meşhurlyga eýe bolýandygynda hem siziň ajaýyp goşandyňyz bardyr.
Mähriban aýal-gyzlar! Bu ajaýyp baýramçylyk bilen gyzgyn gutlap, Size tüýs ýürekden jan saglyk we üstünlik, maşgalaňyza abatlyk, ojaklaryňyza abadanlyk arzuw edýäris. Ýaşajyk höweşjeň türgenlerden başlap çempionlara çenli ähli türgen gyzlarymyzyň we zenanlarymyzyň mähriban Watanymyzyň belentden şöhratlanmagynyň hatyrasyna täze sport netijelerini, ýeňişleri gazanjakdyklaryna, täze rekordlary goýjakdyklaryna uly ynam bildirýäris!
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti.