Soňky habarlar

Dabaraly maslahat

Şu günler eziz Diýarymyzyň dürli pudaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly maslahatlardyr wagyz-nesihat duşuşyklary giň gerime eýe bolýar. Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklaryň biri golaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda hem guraldy.  Ol «Sagdyn maşgala – sagdyn nesil» ady bilen geçirildi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň hünärmeni Ogulnabat Kösäýewa maslahaty açyp, eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bahar göwünli zenanlarymyza belent sarpa goýulýandygyny, olaryň ýaş nesli terbiýelemek bilen bir hatarda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda, şol sanda sport ulgamynda üstünlikli zähmet çekýändiklerini belledi. Soňra maslahat Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Gülnar Ýelliýewanyň, Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň işjeň agzasy Ogulnabat Owlakowanyň, Gyşky oýunlar sport toplumynyň şepagat uýasy Halbibi Taganowanyň, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Mahym Hojadurdyýewanyň, «Olimp» orta sport mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy Gülzada Annagulyýewanyň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçi-mugallymy Ýazbike Öwezowanyň hem-de «Aşgabat» köpugurly stadionynyň hünärmeni Selbi Hallykowanyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyş edenler maslahatyň bütin dowamynda her bir maşgalanyň abadançylygy üçin ýurdumyzda döredilen şertler, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda asuda asmanyň astynda çagalary ösdürmäge we terbiýeläp ýetişdirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 Gülälek GAJYÝEWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet
komitetiniň bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölüminiň esasy hünärmeni.