«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň täze sany «Täze ýyl – täze eýýam» atly makala bilen açylýar. Onda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna we hemişelik Bitaraplygyna esaslanýan daşary we içeri syýasatyň möhüm ugurlary bellenip geçilýär.
Häzirki wagtda türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda görkezýän ajaýyp netijeleri halkara žurnalyň sahypalarynda giňden şöhlelendirilýär.
Halypa-şägirtlik ýoly, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleriniň gazanýan üstünlikleri, talyplaryň milli Uniwersiadada we türkmen ýaşlarynyň milli Spartakiadada görkezýän netijeleri hem «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň täze sanynda öz beýanyny tapypdyr.
2022-nji ýylyň türkmen sportunyň we dünýä sportunyň taryhyndaky ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolandygyny aýtmak gerek. Munuň şeýledigini türkmen türgenlerini sylaglamak dabaralaryndan söhbet açýan makalalardan, dünýäniň iri ýaryşlarynyň sanawyndan gürrüň berýän synlardan görmek bolýar.
Şeýle-de, okyjylar «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly arkaly beýleki gyzykly makalalar, sport wakalary bilen ýakyndan tanşyp bilerler.