Soňky habarlar

Ak mermerli Aşgabat gyş gujagynda

2023-nji ýylyň 8-9-njy ýanwarynda Aşgabatda ilkinji gar ýagdy. Ak gardan lybas geýnen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat gyş ertekisini ýada saldy.

Bu gün şäheriň ähli köçeleri gar bilen örtüldi. Gyşky dynç alşyna çykan çagalar, gar toplaryny oýnamak ýa-da üýşüp gar adamyny ýasamak üçin daşary çykmaga gyssanýarlar. Pyýada gezelenç üçin köçä çykan ulular bolsa, hakykatdan hem gyş howasyndan lezzet alýarlar. Ak we ýumşak gar tebigatyň hakyky gudraty, täzelenmegiň we arassalanmagyň nyşanydyr.

Türkmenlerde ak reňk durmuşda aýdyň we şatlykly wakalaryň nyşanydyr diýen ynam bar. Şonuň üçin hem «Ak zat alnyňa ýagşy» diýilýär.

Paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň soňky ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň hakyky «merjenine» öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Günüň dowamynda asmandan gaçýan gar tozgalary mermer şäherimizi ertekilerdäki ajaýyp dünýä öwürýär.

2023-nji ýyldaky ilkinji gar, gyş baýramçylygynyň dabaralarynyň üstüni ýetirdi we türkmen halky üçin tebigatyň adaty bolmadyk peşgeşi boldy.

www.turkmenistan.gov.tm