Türkmenistanly türgen Rejepbaý Rejepow Halkara Bitaraplyk gününiň bosagasynda Bogotada (Kolumbiýa) geçirilen dünýä çempionatynda bir altyn we iki kümüş medaly eýeläp, agyr atletika boýunça dünýäniň wise-çempiony boldy. 30 ýaşly at gazanan sport ussady bu ýokary netijäni 81 kilogram agramda, 23 ýurtdan gelen 29 türgeniň medallar ugrunda guran özara bäsleşiklerinde gazandy.
Mundan bäş ýyl ozal Rejepbaý ABŞ-nyň Anahaým şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 77 kilogram agramda çykyş edip, kümüş medala eýe bolupdy. Şeýle-de, onuň medallarynyň arasynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň altyn medaly, Aziýa çempionatynyň iki (kümüş we bürünç) medaly bardyr. Ýaponiýada geçen Olimpiada hem gatnaşypdy. Ýeri geleninde aýtsak, onuň Ýaponiýada geçirilen Olimpiadada altyn medala dalaş etmäge mümkinçiligi bardy. Ýöne eminler onuň itekläp götermekdäki (198 kilogram) üçünji synanyşygyny hasaba almadylar. Şeýlelikde, bu gezek Rejepbaý Rejepow silterläp götermek boýunça Tokiodaky görkezijisini (164 kilogram) gaýtalamagy başarldy.
Kolumbiýada Rejepbaý Rejepow öz sport tejribesinde iň gowy netijesini görkezdi. Ol özüniň itekläp götermek we ikileýin bäsläşikde öňki iki gezekki milli rekordyny 3 kilogram artdyryp, degişlilikde 202 we 366 kilogram agramlyklary götermegi başardy. Silterläp götermek boýunça Türkmenistanda gazanylan öňki rekordyň (166 kilogram) hem Rejepbaýa degişlidigini aýdyp geçmek bolar. Ol bu rekord netijäni 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanypdy.