Ýyldyzlaryň hem «Ýyldyza ýörän ýaly» wagtlary bolýar. Futbol boýunça dünýä çempionatynyň dowam edýän günleri ýyldyz diýilse, ilki bilen Ronaldu hem Messi göz öňüne gelýär. Soňky möwsümleriň netijesine garap, indi Ronaldu bilen Messiniň arasyndaky basdaşlygyň ahyrlap ugrandygyna ynanasyň gelýär. Messiniň Parižde edeni ugruna bolýar, Ronaldu welin hatda «uçurym bolan» ýeri hasaplanylýan Mançesteriň «gyzyl» tarapynda-da özüne orun tapmady. Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda žurnalist Pirs Morgana interwýu bermegi bilen onuň diňe bir «Old Trafford»-yň 7-liklerine bagyşlanan bannerdäki suraty aýrylyp oňmady, eýsem özi hem «Mançester Ýunaýtedden» çetleşdirildi.
Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Ronaldu bilen Messiniň 5-nji sapar Mundialda çykyş etmek bilen iň soňky gezek synagdan geçýändigini ýazýarlar. Bu «Köre hasa» hakykatam bolsa, ynsanyň köpüň aýdýan gürrüňne gulak gabartmak edähedi bar. Olaryň bir bölegi Messi üçin Maradona bilen hiç bolmanda dünýä kubogy babatda egin deňlemäge amatly pursatyň gelendigini dile getirýärler. Şol adamlaryň ynamy Lusailde syndyryldy (Argentina-Saud Arabystany-1:2).
Ronaldu bolsa entek dünýä çempionatynyň ilkinji oýnuna gatnaşmanka «Mançester Ýunaýtedden» arasyny açmaly boldy. Indi onuň öňünde bir ýol galdy. Olam özüniň entek uly ýaryşlarda gahrymançlyk görkezmäge ukyplydygyny görkezmekden ybarat. Adatça, ertekilerde baş gahryman 3 ýoldan birini saýlamaly bolýar. Emma Ronaldu ertekiniň gahrymany däl. Bizem ertekidäki hyýaly giňişligiň ýaşaýjylaryna meňzämzok.
Hatda ilkinji kluby «Sportingde» hem Ronaldu bilen bagly meýilnamalarynyň ýokdugynyň aýdylmagy portugal ýyldyzyny durmuşyň ýowuz hakykaty bilen ýüzbe-ýüz etdi. Çünki gurt ordasy hem tapdan düşeni hataryndan çetleşdirýär ahyry. Şonuň üçinem, ol Katardan soň ýa köpräk gazandyrjak ligalaryň birinde çykyşyny tamamlar, ýa-da dünýä çempionatynyň ýyldyzy hökmünde, göwün islän klubynyň arzyly oýunçysy bolar.
Hojaberdi APBAÝEW,
žurnalist.