Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Futbol boýunça Türkmenistan kubogynyň ilkinji ýarym final oýunlary

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlary 2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde geçiriler. Şol gün «Şagadam» bilen «Aşgabat», «Altyn asyr» bilen «Ahal» duşuşar. Duşuşyklar 16:00-da başlanar.

Ýaryşyň çärýek finalynda we ýarym finalynda ýeňiji iki oýnuň jemi boýunça (öz meýdançasynda we myhmançylykda) kesgitlenilýär. Jogap oýunlary 2022-nji ýylyň 22-nji noýabryna meýilleşdirilýär.

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary Türkmenistanyň kubogynyň häzirki eýesidir.

www.msy.gov.tm