Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Institutyň aýdym-saz toparynyň hem-de ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary dabara baýramçylyk ruhuny çaýdy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkyň saglygyny goramak, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmekde, raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmakda asylly işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi ähli türkmenistanlylaryň, şol sanda ýaş nesliň sport bilen içgin meşgullanmagyna we sagdyn durmuş ýörelgesini durmuş hemrasyna öwürmegine ýardam edýär.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilmegi däbe öwrülen ýaryşlarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşýärler. Çekeleşikli ýaryşlar türgenleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, ussatlygyny ýokarlandyrmaga, olary geljekki ýaryşlara taýýarlamaga goşant goşýar.
«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiadanyň ilkinji bäsleşikleri, uly ýaryşlarda bolşy ýaly, eýýäm açylyş dabarasynyň öňýanynda ýaýbaňlandyryldy we ilkinji netijeler gazanyldy. Uniwersiadanyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary öz aralarynda güýç synanyşýarlar.
Olar suwda ýüzmek, ýeňil atletika, woleýbol, tennis, stol tennisi, küşt, 3x3 basketbol, sambo göreşi, kuraş göreşi, grek-rim göreşi, futbol, bilýard, dzýudo göreşi, milli göreş, futzal, basketbol, badminton, erkin göreş, gandbol, tigir sürmek, boks ýaly görnüşler boýunça öz ukyplaryny görkezýärler.
Diňe bir ýokary okuw mekdepleriniň däl, eýsem, orta we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, orta mekdepleriň okuwçylarynyň «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň – spartakiadalaryň ýaýbaňlandyrylmagy ajaýyp zamanamyzyň asylly däbine öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda adam saglygyna, sporta we bedenterbiýä ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bedenterbiýe-sagaldyş hereketi türkmenistanlylarda gyzgyn goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, olimpiýa hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösmegine giň ýol açýar.