Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Ilkinji ýeňiş

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U-20) 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama ýaryşynyň ilkinji oýnunda ýeňiş gazandy. Ammanyň (Iordaniýa) «Petra staium» stadionynda ýaşlar ýygyndymyz Demirgazyk Marian adalarynyň toparyny 7: 0 hasabynda ýeňdi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Said Seýidowyň tälim berýänleri ikinji tapgyrda saýlama ýaryşyň guramaçysy bolan Iordaniýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen duşuşarlar.

Şeýle-de, şu hepdede Hytaý Taýpeýiniň we Siriýanyň ýaşlar ýygyndylary türkmen futbolçylary bilen bäsleşerler.

www.tff.com.tm