2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly XXXI ýyllyk toýuny bellemäge taýýarlyk görýän ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralary, orta we hünär okuw mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman kompýuterleri, beýleki zerur enjamlar we esbaplar bilen üpjün edilýär.
Ylmyň täze gazananlary, interaktiw multimediýa we sanly tehnologiýalar okuw işine işjeň girizilýär.
Bu ugurda ökde hünärmenleri taýýarlamaga we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär.
Bu baýramçylyk güni orta we ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna we talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine Gutlagyny diňlediler. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşýanlaryň hemmesini Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlady.