7-nji aprelde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri ýaýbaňlandyryldy.
Sagdyn durmuş ýörelgesini baýdak edinýän türkmenistanlylaryň aglabasy bahar paslynyň jana ýakymly howasy bilen gelen baýramçylyk säherini Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş bilen başladylar. Onuň çäklerinde «Saglygym baş baýlygym» diýen şygar astynda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Şeýle-de, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň gatnaşmagynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça geçirilen ýaryş baýramçylyk dabarasynyň täsirliligini artdyrdy.
Ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Maksat Öwlýagulyýew bellenilen aralygy 34 minut 26 sekunt wagtda geçip I orna, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Hangeldi Atageldiýew 34 minut 55 sekunt netije bilen II orna, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Abdyrahman Nurlyýew pellehana 36 minut 05 sekuntda ýetip III orna mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolanlara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen sport çäreleriň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlamagynda aýdym-sazly çykyşlara hem uly orun berildi.
Mähri AÇYLOWA,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmeni.