2022-nji ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzmek bilen bagly meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle-de, ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň jemi boýunça iki sany hoş habar gelip gowşandygyny nygtady.
Şol BMG-niň taryhy mejlisinde Türkmenistanyň teklibi bilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama kabul edildi.
Bilşimiz ýaly, welosiped sporty sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Şeýle-de, Türkmenistanda welosiepdli gezelenç etmegi saýlap alýan adamlaryň sany barha artýar. Welosipedli gezelençler emosional kanagatlanma döredýär, tebigat we daşymyzy gurşap alan dünýä bilen tanyşmaga, mähriban Watanymyzyň ajaýyp künjeklerine syýahat etmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň hem Garaşsyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça hödürlenendigini belledi.
Ýurdumyza gelip gowşan ýene bir hoş habarda Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylandygy aýdylýar. Bu waka ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny görkezýär.