Soňky habarlar

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň iňlis we rus dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2022-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň iňlis we rus dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräni açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Döwlet Baştutanymyzyň çuň mazmunly suratlar bilen baýlaşdyrylan kitabynda Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna çuň akyl ýetirilmeleriň, onuň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, çärede Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý, Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň Medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Andžeý Madeý, dagylar hem çykyş etdiler

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kulyýewa we beýlekiler hem öz çykyşlaryny beýan etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu eser Milli Liderimiziň köpçüligiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysy bolup, onda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli meseleleri, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar hakynda ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan soraglar barada oýlanmalar öz beýanyny tapandyr. Şeýle hem täze kitaba Türkmenistany geljekde hem okgunly ösdürmek boýunça köpsanly teklipler girizilendir.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly iňlis we rus dillerindäki kitabyň giň okyjylar köpçüligine türkmen döwletiniň içeri hem-de daşary syýasatynda ýetilen belent sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.

Çäräniň ahyrynda tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.   

www.mfa.gov.tm