Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde «Ulularyň göreldesi – nesilleriň ýörelgesi» atly maslahat geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşygynda kämil nesilleri kemala getirmek hem-de olaryň hakyky watançylar bolup ýetişmekleri boýunça eden çykyşynyň ähmiýetine, ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar barada döwlet syýasatynyň çäklerinde amal edilýän işlere bagyşlandy.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen maslahat täsirli çykyşlara baý boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň wekili ýaşlary goldamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barlyşy, şeýle-de, ýaşlar babatdaky kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilişi barada çykyş etse, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň agzalary döwlet syýasatynyň möhüm bölegine öwrülen bu ugurda gazanylýan köptaraply üstünlikleri giňişleýin beýan etdiler. Çykyşlarda türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
«Türkmen sporty» gazeti.