Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Döwlet Baştutanymyz bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň iri neşirleriniň we teleýaýlymlarynyň wekillerine beren interwýusynda aýtdy. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy.
«Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky çözgüdim barada aýdylanda, ol, ilkinji nobatda, bu sport bäsleşikleriniň bütin dünýä üçin ägirt uly ähmiýete eýedigi bilen şertlendirilendir» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa oýunlary hemişe halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyny, duşmançylygyň hem-de uruşlaryň bes edilmegini, dürli milletleriň, dürli syýasy ynama eýerýän adamlaryň jebisleşmegini, olaryň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýandygyny aýratyn üns çekdi.
«Men öz içeri we daşary syýasatynda hut şu ýörelgelere eýerýän ýurduň — Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Hytaý Halk Respublikasynyň çuňňur hormatlanylýan Başlygynyň çakylygyny minnetdarlyk bilen kabul etdim» diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bu oýunlaryň örän ýokary guramaçylyk hem-de sport ruhy, adalatly bäsleşik, oňa gatnaşyjylaryň birek-birege hormat goýmak ruhunda, tomaşaçylaryň ägirt uly gyzyklanma ýagdaýynda geçjekdigine ynam bildirdi.
«Biz Hytaýyň bu Olimpiada taýýarlyk görşüni üns bilen synladyk. Taýýarlyk üçin giň gerimli işleriň ýerine ýetirilendiginiň, köp sanly ajaýyp desgalaryň gurlandygynyň, innowasion häsiýetli we ýokary tehnologiýaly çözgütleriň peýdalanylandygynyň hem-de ornaşdyrylandygynyň şaýady bolduk» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz HHR-iň giň gerimli wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyplydygyny nobatdaky gezek görkezdindigini bellemek bilen, öňde boljak Olimpiadanyň köp sanly haýran galdyryjy netijeleri berjekdigine, dünýä sportunyň taryhynda unudylmajak waka öwrüljekdigine, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerindäki millionlarça adamlar üçin köpöwüşginli hakyky baýramçylyga öwrüljekdigine ynam bildirdi.