Türkmenistanda ýakyn wagtda Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi işe başlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew hasabat berdi.
Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe hem-de sanly ulgama geçirmek, Türkmenistanyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary we beýleki web-serişdeleri döretmek, gazet-žurnallaryň işlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň örän möhümdigini nygtady hem-de täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajyp wezipeleri üstünlikli çözmek bilen birlikde, Garaşsyz Watanymyzyň beýik gazananlaryny dünýäde giňden beýan etmäge hem gönüden-göni ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.