Her ýylyň ýanwar aýynyň ilkinji günlerinde badalga berilýän däbe öwrülen «Dakar» marafony awtosportuň muşdaklarynyň iň gyzyklanyp tomaşa edýän ýaryşlarynyň biri hasaplanýar. Şol sanda Türkmenistanda hem bu ýaryşyň muşdaklary az däldir. Şu ýyl 44-nji gezek geçirilýän bu ýaryşa FIA tarapyndan ralli-reýd boýunça dünýä çempionatynyň derejesi berildi. Bu bolsa «Dakara» bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
- 2015-nji ýylda ilkinji gezek türkmen ekipažy «Dakara» gatnaşyp, ýatdagalyjy netije görkezdi. «G-Force Proto» kysymly jipde Şamyrat Gurbanow (sürüji) bilen Rafael Gaýnulinden (şturman) ybarat ekipažymyz bäsleşigiň tamamlanmagyna 3 tapgyr (13 tapgyrdan ybarat) galanda awtoulagynyň näsazlyk tapmagy sebäpli çykyşyny togtatmaly bolupdy.
- 2009-njy ýylda geçirilen «Ýüpek ýoly» ralli-reýdi Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan ugry bilen geçirilip, onuň ýeňijileri Aşgabatda sylaglanyldy. 2018-nji ýylda bolsa «Amul-Hazar» halkara awtorallisi üstünlikli geçirildi. Şol ýaryşlara gatnaşan we baýrakly orunlary eýelän sürüjileriň «Dakara» yzygiderli gatnaşýandygy we ýeňiji bolýandygy türkmen janköýerleriniň gyzyklanmasyny artdyrýar.
- Ilki döredilende Pariž-Dakar ugry boýunça geçirilen bu ýaryş soňra marafona gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Günorta Amerikada guraldy. Türkmen ekipažy «Dakar» marafonyna Argentna-Boliwiýa-Çili ugry boýunça geçirilende gatnaşypdy. Häzirki wagtda bolsa Aziýa yklymynda, ýagny Saud Arabystanynda geçirilýän bu ýaryş 14-nji ýanwara çenli dowam edip, sürüjiler 7 500 kilometerlik menzili geçip, pellehana ýeterler.
Taýýarlan Hojaberdi Apbaýew.