20.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, säher bilen irki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, egindeşleri bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyz asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, bu gezek hem milli Liderimiz şäherçäniň sport toplumynda oturdylan enjamlaryň birnäçesinde bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygynyň bardygyny, olaryň bedeniň taplanmagynda, adam saglygynyň pugtalandyrylmagynda örän ähmiýetlidigini belleýär. Aýratyn-da, olaryň ýaşlaryň beden taýdan taplanmagynda möhüm orun eýeleýändigini nygtamaly.
Beden maşklaryny ýerine ýetirmek saglygy berkitmek bilen bir hatarda, adamlaryň asylly işlere, döredijilik we zähmet üstünliklerine gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam edýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgeleriniň asylly işlere ruhlandyrýandygyna hemişe ünsi çekýär. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek hem-de onuň kuwwatyny artdyrmak, degişli köpugurly düzümleri döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Soňky ýyllarda bu ugurda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we beýleki desgalar guruldy. Bilim edaralarynyň — mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlanylanda, olarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda sport düzümine degişli desgalar, stadionlardyr sport meýdançalary göz öňünde tutulýar.
...Ine, bu gün hem hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesiniň toplumynyň türgenleşik zalynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu ýerdäki sport enjamlary ýokary halkara görkezijilere, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelip, olarda ýerine ýetirilýän sport maşklary adam bedeniniň berkemegine, saglyk ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy. Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň adamda ruhubelentlik, maksada okgunlylyk häsiýetlerini kemala getirýändigini, saglygyňy berkidýändigini tejribeden görmek bolýar.
Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgesini kada öwürmegini ündeýär, çünki beden we ruhy taýdan kämil ýaşlar ata Watanymyzyň nurana geljegidir. Şoňa görä-de, Diýarymyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli türgenleri taýýarlamak meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.
Döwlet Baştutanymyz özboluşly sport toplumly, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ähmiýetlidigini belleýär. Halkara ölçeglere doly laýyk gelýän toplumyň ähli desgalarynda dürli derejedäki ýaryşlary, şol sanda türgenleşikleri we köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmäge zerur şertler bar.
Bedenterbiýe-sagaldyş hereketi hem-de sport adamlaryň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli bolup ýetişmegine, watançylyk duýgusynyň artmagyna ýardam edýär. Häzir bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek hem-de ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýyny has-da belende götermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Halkyň saglygy baradaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň üstünlikli alyp barýan syýasatynyň esasyny düzýär. Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň, durmuşa geçirilýän milli maksatnamalardyr iri taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamlaryň saglygy durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrebap dowam etdirilmelidigini, halk köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň sport bilen işjeň meşgullanmagy üçin ähli şertleriň üpjün edilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz ministrliklerde we pudak edaralarynda, ylym-bilim ojaklarynda, ýokary hem-de orta okuw mekdeplerinde, jemgyýetçilik guramalarynda sporty ösdürmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýdyp, onuň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmegiň esasy şertidigini belledi we degişli ugurda geçirilýän işleri döwrüň talabyna kybap getirmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda köpçülikleýin bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak üçin zerur şertleriň döredilmeginiň, harby gullukçylaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guramagyň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygy nygtaldy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde sport bu gün türkmen jemgyýetiniň beden we ruhy taýdan ösüşiniň, raýatlaryň sagdynlygynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary netijeli sporta berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde milli kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi, şeýle-de paýtagtymyzda gurlan Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylarda ata Watanymyza hem-de milli Liderimize bolan buýsanç duýgusyny artdyrýar. Bu iri desganyň gurulmagy türkmen sportunyň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Munuň özi ýokary ölçeglere we Halkara Olimpiýa Komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini alamatlandyrýar.
Sebitiň iri sport toplumynda — Olimpiýa şäherçesinde halkara ýaryşlary guramak, türgenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler bar. Paýtagtymyzyň dürli ýaşdaky raýatlary hem saglygyny berkitmek üçin onuň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýärler.
Ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlardan başlap, her ýylda guralýan umumymilli spartakiadalara köp sanly adamlaryň gatnaşmagy Diýarymyzda sporta uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen umumymilli oýunlaryň geçirilmegi, oňa ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, kärhanalaryň, ýokary hem-de orta okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagy, onuň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň guralmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça syýasatyny amala aşyrmakda uly üstünliklere ýetilýändigini tassyklaýar.
Mahlasy, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ýaryşlardyr bäsleşikler ýaşlaryň diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan kämilleşmegine hem oňaýly täsirini ýetirýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy dünýäniň sport giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň has-da artmagyna ýardam edýär.