Soňky habarlar

Ähmiýetli okuw-maslahatlar

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama esasynda guralýan okuw-maslahatlar diýseň täsirliligi bilen tapawutlanýar. Ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan islegini kanagatlandyrmak, şeýle hem sport merkezlerinde täze açylan görnüşleri wagyz etmek maksady bilen geçirilýän okuw-maslahatlar ýurdumyzyň orta mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlary gatnaşýar.

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümleriniň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň, TMÝG-niň welaýat Geňeşleriniň bilelikde geçirýän şol okuw-maslahatlarynda edilen çykyşlarda milli sportumyzyň döwreap ösüşleri, bedenterbiýe sapaklaryny kämilleşdirmegiň esaslary we çeşmeleri hakynda giňişleýin söhbet edildi. Şeýle maslahatlaryň ilkinjisi Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň 45-nji orta mekdebinde geçirilse, ikinjisi Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 3-nji orta mekdebinde guraldy. Mary (Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebi) hem-de Daşoguz welaýatlarynda (Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebi) geçirilen okuw-maslahatlar hem örän netijeli boldy. Ýakyn günlerde şeýle maslahatlar Lebap welaýatynda hem-de Aşgabat şäherinde guralar.

«Türkmen sporty».