Soňky habarlar

Türkmen dzýudoçysy — Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

29.07.2019. Şu günler Taýbeý şäherinde (Hytaý) ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçirilýär. Oňa dünýäniň 19 ýurdundan 176 türgen gatnaşýar. Ýaryşda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň düzüminde 7 türgen çykyş edýär.

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şatlyk Seýitmyradow 81 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, mongoliýaly bäsdeşinden üstün çykmagy başardy, emma ýer eýesiniň wekilinden asgyn geldi. Netijede, biziň türgenimiz öňdäki üçlüge girmek bilen, bürünç medala eýe boldy.  

www.tdh.gov.tm