Soňky habarlar

Okuw-maslahat geçirildi

27-nji oktýabrda sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň sport hünärmenleriniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň baş tälimçi-mugallymlarynyň gatnaşmagynda sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly okuw-türgenleşik sapaklaryny guramak boýunça onlaýn görnüşinde okuw-maslahat geçirildi.

Okuw-maslahatda milli ýygyndy toparlary ýaryşlara taýýarlamakda sport lukmançylygynyň ähmiýeti we sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly woleýbol boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny guramak barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen sanly ulgamy durmuşymyza ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň çäklerinde sanly tehnologiýalary sport ulgamynda peýdalanmagyň ähmiýeti we amatlyklary barada edilen çykyşlar hem onlaýn sapaga gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

«Türkmen sporty».