Soňky habarlar

AJAÝYP STADIONYŇ KÖPUGURLY MÜMKINÇILIKLERI

    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygy jemgyýetimiz üçin, aýratyn hem, ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaşlar üçin iň ajaýyp göreldedir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketi görlüp-eşidilmedik ösüşlere eýe boldy. Bu ugurda Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlup, ulanylmaga berilýän ajaýyp hem giň gerimli mümkinçilikleri, şertleri özünde jemleýän köpugurly sport desgalarynyň orny diýseň uludyr. Paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadiony hem şeýle ähmiýetli desgalaryň biridir. Onda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilendir. 20 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly stadion açyk sport we türgenleşik meýdançalaryny birleşdirýär. Onuň çäginde amatly garbanyşhana we awtoulaglar üçin duralgalar ýerleşýär. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri-de köpugurlylygy bilen baglydyr. Onda emeli düşekli futbol meýdançasy, ýeňil atletikaçylar üçin tartan düşekli ylgaw ýodajyklary, uzynlygyna we ýokarlygyna bökmek üçin meýdança, şeýle-de gimnastika ýaryşlary we türgenleşikler üçin meýdançalar ýerleşdirilendir. Mundan başga-da, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň binasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin türgenleşik zallarynyň 17-si bar. Munuň özi ol ýerde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň saglygyny berkitmegi, ussat türgenleriň bolsa ýaryşlara ykjam taýýarlanmagy üçin ähli şertleriň bardygyny aýtmaga esas berýär. Bu ýerde halkara çärelerini guramak üçin hem ajaýyp şertler bar. Internet metbugat merkezi we sinhron terjimeleri üçin enjamlaşdyrylan kabinaly metbugat maslahatlaryny geçirmäge niýetlenen zal aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. 2018-nji ýylda Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda guralan hem-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen welosiped boýunça iň köp adamyň gatnaşmagyndaky okuw sapagy hem şu ajaýyp stadionda guraldy. «Aşgabat» stadiony ýörite yşyklandyryş-ses ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Arenanyň yşyklandyryşy FIFA-nyň ülňülerine laýyk gelýär. Umuman, bu gün ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülen «Aşgabat» stadionynyň milli sportumyzyň taryhyny hemişelik bezejek ajaýyp wakalaryň ençemesini kabul edendigini bellemek gerek. Biz sagdynlygy hem ruhubelentligi hemra edinen halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş-hoşallygymyzy beýan edýäris.