2021-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda «Bagtyýar nesil – bagtyýar Watan» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň, Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň şeýle-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň jogapkär wekilleri gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sagdyn nesili kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak ýaly meseleler dogrusynda çykyş etdiler.
Çykyş edenler bu işleriň ýaýbaňlandyrylmagynyň ýaşlar syýasatyny ösdürmekde hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň bu ugurda döredip berýän mümkinçiliklerine hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Mähri AÇYLOWA,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmeni.