Soňky habarlar

Halkara Olimpiýa komitetiniň Olimpiýa oýunlaryny telewideniýede görkezmegi geljekde bes etmegi mümkin

Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) metbugat gullugynyň baştutany Mark Adams Olimpiýa oýunlarynyň telewidenide görkezilmegi bilen bagly beýanat berdi. Onuň aýtmagyna görä, alnyp görkezilişi doly görnüşde amala aşyrmak üçin striming platformasyna geçilmegi zerur. 
«Olimpiýa oýunlarynyň telewidenide görkezilmegi bes edilermi? Bu möhüm mesele – diýip, HOK-yň metbugat gullugy Adamsyň sözlerini getirýär. —Bize Olimpiýa hartiýasynyň ýörelgesini berjaý etmegimiz we hemmeleriň ýaryşlara tomaşa etmegini gazanmagyny gerek. Häzir geçiş döwri dowam edýär. Ýöne hemme işler striming platformasyna, ýagny sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmaga tarap barýar».
«7/24.tm»