Soňky habarlar

Ýeňil atletikaçylar 109 ýylda ilkinji gezek altyn medaly iki bolup paýlaşdylar

Katarly Mutaz Essa Barşim bilen italiýaly Janmarko Tamberi arkanlygyna bökmekde Tokio Olimpiadasynyň altyn medalyny bilelikde gazandylar. Ilkinji gezek 1912-nji ýyldaky Oýunlarda altyn medal birbada 2 türgene berlipdi.
2019-njy ýylda dünýä çempiony bolan Barşim 2,37 metr netije görkezdi. Ol London Olimpiadasynyň bürünç medalynyň we Rio-de-Žaneýro Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi bolupdy. 
Italiýaly türgen Tamberi hem 2,37 metr netije gazandy. Eminler goşmaça bäsleşik gurmagy makul görmediler we olaryň ikisine hem altyn medal bermeli diýen karara geldiler.
Bu bäsleşikde kümüş medal hiç kime gowşurylmady. Bürünç medala belarusly Maksim Nedosekow eýe boldy.
«7/24.tm»