1992-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolan häzirki wagta çenli Özbegistanyň ýygyndysynda çykyş eden Oksana Çusowitina sport älemindäki çykyşyny tamamlaýandygyny mälim etdi.
46 ýaşly Çusowitina Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň deslapky tapgyrynda çykyş etdi, emma bäsleşigiň final tapgyryna çykyp bilmedi.
Çusowitinanyň sport gimnastikasynyň özboluşly wekilidigini bellemelidiris. Ol tomusky Olimpiadalarda jemi 8 gezek çykyş etdi (1992, 1996, 2000, 2004, 2008, 2012, 2016, 2020).
«7/24.tm»