Koreýaly gyz Kan Ýu Çžon Olimpiýa oýunlaryndaky tutluşygyň öňýanynda agramyny ýeňledip, bellenilen ölçege gabat getirmek üçin elinden gelenini etdi.
25 ýaşly dzýudoçy gyz 48 kilogram agramda ýaryşa gatnaşýardy. Onuň bu agramda ýaryşa goşulmagy üçin ýene 350 gramy aýyrmagy gerekdi. Ol ylgamak bilen agramyny azaltmak isläpdir. Emma ýaryşyň öňýanyndaky agram ölçelýän wagta çenli bary-ýogy 100 gramy aýryp bilipdir. Şondan artyk tagalla etmek bolsa ýerliksizdi. Çünki dzýudoçy gyz ylgamakdan ýaňa halys eňki agyp, huşundan gidipdir.
Lukmançylyk kömegi berleninden soňra başga alajyň ýokdugyna göz ýetiren dzýudoçy gyz saçlaryny tutuşlygyna aýyrmagy ýüregine düwüpdir. Şeýlelikde, ol agramyny gerekli ölçege gabat getiripdir.
Agramyny azaltmak üçin gereginden artyk güýç sarp etmegi Kan Ýu Çžonyň netijeli çykyş etmegine päsgel beripdir. Ol 1/16 finalda sloweniýaly Marus Stangardan ýeňlipdir.
«7/24.tm»