Soňky habarlar

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş etjek türkmen türgenleriniň atlary mälim boldy. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň tassyklan düzümine görä, abraýly ýaryşda ýurdumyza 9 türgen wekilçilik eder. Şeýlelikde, dzýudo boýunça geçiriljek bäsleşige ussat türgenimiz Gülbadam Babamuratowa gatnaşar. Ikinji Olimpiadasynda çykyş edýän (Rio-de-Žaneýro, 2016-njy ýyl) Gülbadam 52 kilograma çenli agram derejesinde göreşer. 

Hojamuhammet Toýçyýew (+109 kg), Öwez Öwezow (109 kg çenli), Rejepbaý Rejepow (81 kg çenli), Polina Gurýewa (59 kg çenli) hem-de Kristina Şermetowa (55 kg çenli) agyr atletika boýunça ussatlyklaryny görkezerler. Ýeňil atletikanyň ýekedaban zyňmak görnüşinde Mergen Mämmedow bäsleşse, suwda ýüzmekde Darýa Semýonowa (100 metr brass) hem-de Merdan Ataýew (100 we 200 metr aralyklara arkanlygyna ýüzmekde) suw ýodasyna çykarlar.
Dzudo boýunça geçiriljek bäsleşiklere, adatça bolşy ýaly, açylyş dabarasynyň yzysüresi badalga berler. Tutluşyklar Tokionyň merkezindäki «Nippon Budokan» sport toplumynda 24 – 31-nji iýul aralygynda geçirilip, pälwanlaryň 386-sy medal sanawynyň 15-si (7-si erkekleriň, 7-si zenanlaryň, 1-i garyşyklaryň arasynda) ugrunda göreşerler. Erkeklerdir zenanlardan düzülen garyşyk ýygyndylaryň arasyndaky toparlaýyn bäsleşik Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek geçiriler. 
24-nji iýuldan 4-nji awgust aralygynda agyr atletika boýunça geçiriljek bäsleşikde türgenler medal sanawynyň 14-si (7-si erkekleriň, 7-si zenanlaryň arasynda) ugrunda bäsleşerler. Biziň agyr atletikaçylarymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ikram Matkarimowyň, Artur Emirýanyň hem-de halkara derejeli sport ussady, dört gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan Umurbek Bazarbaýewiň ýolbaşçylygynda bäsleşige goşularlar.
Ýeňil atletikaçymyz M.Mämmedowa halkara derejeli sport ussady Hajymyrat Rahmanow ýardam eder. Ýekedaban zyňmak boýunça bäsleşikler 3 – 5-nji awgust aralygynda geçiriler. 
24-nji iýul bilen 2-nji awgust aralygynda suwda ýüzmek boýunça geçiriljek bäsleşikde çykyş edýän ýygyndy toparymyza Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, erkekler we zenanlar milli ýygyndymyzyň tälimçisi Sergeý Ýepifanow tälim berer.
Umumylykda alnanda, tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň 33 görnüşi boýunça medal sanawynyň 339-sy ugrunda bäsleşikler alnyp barlar. 
Abraýly ýaryşa ýurdumyzyň adyndan wekilçilik etjek türgenlerimize ýeňişleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
«Türkmen sporty».