2021-nji ýylyň 11-nji maýynda hormatly Prezidentimiz ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.
Ozal habar berlişi ýaly, şanly sene mynasybetli 10 — 25-nji maýda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler. Şunda milli Liderimiziň ekologiýany we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, her gün bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapýar, bu babatda watandaşlarymyza, aýratyn hem ýaşlara görelde bolýar.
Milli Liderimiz 11-nji maýda guralan welosupedli ýörişe hem badalga bermek bilen nobatdaky gezek görelde görkezdi. Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, ýurdumyzyň Baş meýdançasyna tarap ugrady.
***
Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ýurdumyzyň Baş meýdançasyndan hereketini dowam edip, “Ak şäherim Aşgabat” binasyna tarap ugradylar. Şol ýerde paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna guralan dabara geçirildi. Soňra dabara sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.
www.tdh.gov.tm