Soňky habarlar

«Müdimidir ady merdem gerçekleň»

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň «Durdy Gylyç» adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Ýaş olimpiaçylary taýýarlaýyş mekdebi bilen bilelikde «Müdimidir ady merdem gerçekleň» atly 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatyň barşynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Gahrymanlary ýatlap, ajaýyp çeper okaýyşlar bilen çykyş edildi. Şeýle hem maslahatda Watany goramagyň belent nusgasyny görkezen pederlerimiziň hatarynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhammet Annaýewiň hem bardygy, häzirki wagtda onuň gahrymançylykly durmuş ýolunyň türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we kasama wepalylygyň nusgasyna öwrülendigi barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Watan gorap wepat bolan gerçeklerimiz baradaky hakydany geljekki nesillere geçirmek we şol döwürde tylda zähmet çeken watandaşlarymyza häzirki wagtda goldaw bermek barada ajaýyp işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Mähri AÇYLOWA,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmeni.