2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ukrain dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Gatnaşyjylar eseriň esasy mazmunyny beýan edýän çykyşlaryň ençemesini diňlediler. Ukrain tarapyndan çykyş edenler öz çykyşlarynda bu eseriň dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary öňe sürmek nukdaýnazaryndan derwaýyslygy barada aýratyn belläp geçdiler. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ukrain dilindäki neşiriniň çap edilmegi türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm waka bolup durýandygy barada hem aýratyn nygtaldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.