Soňky habarlar

Futbol baýramy

Ýokary ligada çykyş edýän toparlar öňlerinde goýlan wezipäni çözmek üçin yhlas edýärler. Esasanam, baýrakly orunlar ugrunda göreşýän toparlaryň arasyndaky göreş hemmeleriň üns merkezinde durýar. Şol bir wagtyň özünde baýrakly orunlara düşmek mümkinçiligi çäkli bolan toparlar esasy ünslerini kubok ýaryşlaryna berýärler.

Çünki täze möwsümde Türkmenistana wekilçilik edýän 3 toparyň Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň baýdagy astynda geçýän ýaryşlara gatnaşjakdygy, şol sanda çempionyň AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etjekdigi milli çempionatyň oýunlarynyňam, Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşy hem ýitileşdirdi.

Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynyň 1-nji oýunlarynyň yzysüre 4-nji aýlawyň duşuşyklaryna badalga berler. Şeýlelikde, baýrakly orunlar ugrunda göreşýän toparlaryň arasyndaky oýunlar bilermenleri gyzyklanyrsa, ýönekeý janköýerler futbol meýdançasynda guraljak sport baýramyna tomaşa ederler.