Soňky habarlar

Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň menzilleri

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýylly şanly baýramynyň bosagasynda ýurdumyzda geçirilýän her bir çäre aýratyn ruhubelentlige beslenýär. Ine, 25-nji oktýabrda gözel paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlaryň, talyp ýaşlaryň, ýaş türgenleriň gatnaşmagynda giň gerimde geçirilen welosiped ýörişler bu hakykaty aňryýany bilen subut edip, Türkmenistanyň — Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurduna öwrülendigini görkezdi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyny dabaralandyrmak we dynç gününi uly dabaralara, sport we bedenterbiýe köpçülikleýin çärelere beslemek maksady bilen geçirilen welosipedli ýörişler bilen utgaşyklylykda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, ýaryşlar hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Welosipedli ýörişlere gatnaşyjylaryň Türkmenistany sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdan alkyş sözleri bolsa il-ulsuň köňül kelamy bolup ýaňlandy.