Müsürli Ezzeldin Bahader 74 ýaşynda ikinji gezek futbol duşuşygyny dolulygyna oýnap, taryhda iň ýaşuly futbolçy boldy hem-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, «Reuters» habar berýär.
Ol futbol boýunça Müsüriň çempionatynyň üçünji diwizionynyň duşuşyklarynyň birinde meýdança çykdy. Şu ýylyň mart aýynda geçiren ilkinji duşuşygynda Bahader 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirmek bilen tapawutlanypdy, ýöne ikinji duşuşykda ýaşuly futbolçy şeýle mümkinçilikden topy derwezä geçirmegi başarmady. Rekord netije hasaba alnandan soň Bahader bilen şertnama güýjüni ýitirdi.
«Meniň rekord netijämi täzelemek başgalara aňsat düşmez ýaly, ony has hem ýokarlandyrmagy niýet edinýärin» diýip, Bahader aýdýar.
Onuň bu netijesini görkezmeginden ozal iň ýaşuly futbolçy diýlip, 73 ýaşly ysraýylly futbolçy Isaak Haýik hasaplanylýardy.