Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysynyň türgenleriniň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirilýär.

2020-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki «Welosiped» binasyndan badalga alan köpçülikleýin welosiped ýörişi guramaçylykly geçirilýär. 

 Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň welosiped federasiýasynyň guramagynda geçirilýän welosipedli ýörişe ýaşlaryň işjeň gatnaşýanlygy sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sanynyň barha artýandygyny görkezýär.

www.msy.gov.tm