Häzirki döwürde dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde welotrek boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk komitetiniň öňünde duran wezipeler aýdyňlaşdyryldy.
Bu komitetiň mejlisinde dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iri halkara ýaryşlaryny guramakda toplanan tejribä esaslanyp hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň utgaşykly guramaçylyk işlerini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda» Kararynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça teklip beýan edildi.
Welosipedçileriň halkara birleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, bu iri halkara bäsleşigini 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň welotrek sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Ogulnabat KÖSÄÝEWA,
«Türkmenistan» Ýaşlar-bedenterbiýe sport guramasynyň baş hünärmeni.