Soňky habarlar

Gymmatly gollanmanyň tanyşdyrylyş dabarasy

Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik işiniň 12-nji tomunyň çapdan çykmagy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik kitabyň täze tomunyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Biz hem bu duşuşyga gatnaşanlaryň birnäçesiniň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Işanguly MERETNYÝAZOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, halkara derejeli emin:

– Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan syzylyp çykan kitaplar halkymyz üçin giň gollanma çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ine, ýakynda milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomly ylmy-ensiklopedik işiniň täze tomy çapdan çykdy. Alym, lukman Arkadagymyzyň bu täze eseri köp ýyllyk tejribesiniň, alyp baran ylmy-gözleg işleriniň netijesi bolup, il-ulsumyza bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Täze kitap Watanymyzyň melhemler mekanydygyny nobatdaky gezek dünýä aýan edýändigi, ýurdumyzda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini açyp görkezýändigi, olaryň her biriniň aýratynlyklaryny düşündirýändigi bilen has hem gymmatly çeşmedir. Halkymyzyň saglygy ugrunda edýän atalyk aladalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Kakageldi GAJYÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy:

Milli Liderimiziň täze kitabynyň çapdan çykyp, il-halkymyza gowuşmagy şatlykly waka boldy. Bu kitabyň halkymyzyň saglygyny goramaga, berkitmäge ýardam berjekdigi, onda ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikleriniň ylmy taýdan öwrenilip, giňişleýin beýan edilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň köp ýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesi bolan bu kitaplar diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň däl-de, tutuş halkymyzyň ýankitaby boljakdygyna ynanýarys. Bize şeýle gymmatly ylmy-ensiklopedik kitaplary peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!

Dörtguly JUMAÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy, jiu-jitsu boýunça halkara derejeli sport ussady:

– Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitaplaryny okap göreniňde, onuň diňe bir lukmançylyk nukdaýnazaryndan ylmy-ensiklopedik iş bolman, eýsem, ýaş nesli berk bedenli, sagdyn ruhda terbiýelemekde hem köpugurly işdigini aýdyň görmek bolýar. Bu bolsa onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Ýaşlar bilen iş alyp barýandygymyz üçin, bu eserler her bir okuw sapaklarymyzda gymmatly gollanma bolup durýar. Şeýle eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki bahasy bimöçberdir. Goý, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan döreýän şeýle ajaýyp eserleriň höwri köp bolsun!

Selbi TÄÇMUHAMMEDOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy:

– Hemişelik Bitaraplyk baýramymyzyň bellenilýän ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze tomunyň çapdan çykmagy baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy. Şu gün biziň zähmet çekýän institutymyzda täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy guralyp, onda milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleriň bütin halkymyz, esasan hem, ýaş neslimiz üçin nusgalyk ähmiýete eýedigi barada giňişleýin söhbet edildi. Nesip bolsa, bu eserler geçýän her bir okuw sapaklarymyzda bize ylmy gollanma bolup, ýollarymyza ýagty saçar. Ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi üçin şeýle gymmatly eserleri peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun!

Taýýarlan Mekan GOÇYÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby.