Soňky habarlar

Wagyz-nesihat duşuşygy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Institutyň mejlisler zalynda ýaýbaňlandyrylan duşuşyga professor-mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde ilki bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A.Saparow çykyş etdi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý edýän watanperwer ýaşlaryň ýetişýändigini belledi.

Şeýle-de, bu ýerde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň müdiri, polisiýanyň podpolkownigi A.Jyrykow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň jenaýat agtaryş müdirliginiň 6-njy bölüminiň müdiri, polisiýanyň maýory G.Weliýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň 2-nji bölüminiň müdiri, polisiýanyň kapitany B.Berkeliýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany A.Boppyýew dagy çykyş etdi.

Çykyş edenler halkyň saglygyny ähli zatdan ilerde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlaryň ýetişmegi üçin bimöçber işleriň alnyp barylýandygyny biragyzdan bellediler. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Döwran GURBANÝAZOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby.