Soňky habarlar

Sport žurnalistikasy hünäriniň talyplarynyň bäsleşigi

2020-nji ýylyň 17-nji oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli sport žurnalistikasy hünärinde okaýan talyp ýaşlaryň saýlan hünärine ugrukmagy we kämilleşmeklerini gazanmak maksady bilen «Bitaraplyk — baky bagtyň ýalkymy» atly edebi-çeper bäsleşik geçirildi.

Bäş şertden ybarat bolan bäsleşige institutyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1,2,3-nji ýyllyk talyplary gatnaşdylar. Gyzykly we ýatda galyjy bolan bäsleşikde sport wideoşekillerine ses bermek, hemişelik Bitaraplygymyz bilen bagly ýazylan makalalara sözbaşy goýmak, görkezilen suratlara laýyk sözler bilen jogap bermek ýaly ugurlar boýunça geçdi.

Ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda zähmet çekýän hünärmenler talyp ýaşlaryň çykyşlaryna baha berdiler. Şeýlelikde, eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyllyk talyplarynyň topary öňdeligi eýelediler.

Institutyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň çykyşlary bu ýere ýygnanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Edebi-çeper bäsleşigiň bütin dowamynda Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyk sözleri ýaňlandy.

Döwlet HEŞDEKOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.