Soňky habarlar

Makala hakynda makala ýa-da «Mikrofonyň başdangeçirmeleri»

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynyň nobatdaky 20-nji sanynda ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalardan taýýarlanan makalalar we sportuň dürli görnüşlerinden söhbet açýan habarlar ýerleşdirildi.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň elektron goşundysynyň täze sany Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli taýýarlanan makala bilen açylýar.  

«Türkmen alabaýy — wepalylygyň, batyrlygyň, rowaçlygyň nusgasy» atly dowamly söhbetdeşlgiň soňky bölümi hepdelik elektron goşundynyň 20-nji sanynda-da çap edilipdir.    

Sportuň Türkmenistanda giňden ýaýran görnüşleri hakynda gürrüň berýän çykyşlar okyjylaryň bilesigelijiligini artdyrar diýip pikir edýäris.

Ýaşlaryň sportuň haýsy görnüşini saýlandygyndan söhbet açýan çykyşlarda esasan pähim-paýhas oýunlary hakynda gürrüň edilipdir.  

Halypa žurnalist Gurbangeldi Mämmetsähedowyň «Ýatlamalarda ýylgyrýan keşpler» atly hakyky wakalara esaslanýan hekaýalar toplumynyň nobatdaky bölümi «Mikrofonyň basketbol meýdançasyndaky başdangeçirmeleri» diýip atlandyrylýar

Aşyr Saparowyň «Makalany nädip täsirli ýazmaly?» diýen köp bölümli makalasy hem hepdelik elektron goşundynyň täze sanynda ýerleşdirildi. Şeýle-de, ýaşlaryň döredijiliginden söhbet açýan, zehinli ýaşlar hakynda gürrüň berýän makalalary hem okap bilersiňiz.