Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Okuw maslahaty geçirilýär

Häzirki wagtda wideo arkaly duşuşyklary we maslahatlary guramak däbe öwrüldi. Şeýle okuw maslahatlarynyň biri 2020-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda öz işine başlady.

BMG-niň Ilat gaznasy bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistan Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda geçirilýän wideo aragatnaşyk arkaly okuw maslahaty 16-njy oktýabra çenli dowam eder.

Maslahatda «Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak işine ýaş nesliň wekillerini giňden çekmek we olar bilen geňeşmeleri geçirmek baradaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

 www.msy.gov.tm