Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň şeýle-de, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri» atly kitabynyň täze neşiriniň hytaý dilinde çap edilmeginiň aýratyn möhüm ähmiýetini bellemek bilen iki dostlukly halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalanmagynda ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýandyklaryny beýan etdiler.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler!
Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň işjeň agzasy.