Soňky habarlar

«Ahal» tijenýär, emma «Altyn asyr» badyny gowşadanok

Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň ýokary ligasynyň toparlary 3-nji aýlawyň duşuşyklaryna başladylar. Arakesmeden soňra bäsleşiklere badalga berilmegi janköýerler üçin baýramçylyk boldy. Türkmenistanyň soňky 6 ýyldaky çempiony «Altyn asyr» bilen altyn medala esasy dalaşgärleriň biri «Ahal» 16-njy tapgyrda özara duşuşdy. 29-njy sentýabrda bolsa olar naýbaşy kubok ugrundaky oýunda güýç synanyşypdylar.

Şeýlelikde, çempionatyň öňdebaryjy toparlary 8 günde 2 gezek ýüzbe-ýüz boldular. 1-nji we 2-nji aýlawda «Altyn asyr» üstün çykansoň, çempionatyň galan böleginde «Ahalyň» altyn medala çynlakaý dalaş etjekdigine bolan ynam peselipdi. Emma tejribeli tälimçi Seýit Seýidowyň türgenleşdirip başlamagy bilen «Ahal» barha ynamly oýnap ugrady. Emma sport synçysy Orazgeldi Geldiýewiň sözleri bilen aýdanyňda, esasy oýunçylarynyň ýaşynyň 30-dan geçendigi sebäpli «Ahala» 90 minutyň dowamynda başlangyç depgini saklamak başartmaýar. 

«Şagadam» bilen «Köpetdag» bolsa bürünç medal ugrundaky göreşde üstün çykmak üçin tagalla edýär. Täze möwsümde Türkmenistandan 3 toparyň AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşýandygy baýrakly orunlar ugrundaky göreşi ýitileşdirdi. Baýrakly orunlar ugrunda göreşýän toparlarlaryň arasynda diňe «Şagadamyň» AFK-nyň baýdagy astynda geçirilen bäsleşikleriň hiç birine gatnaşyp görmändigini aýtmak gerek. Bu topar hatda 2002-nji ýylda welaýatlaryň arasynda ilkinji bolup Türkmenistanyň çempionlygyny gazanan möwsüminde-de özüne bagly bolmadyk sebäplere görä ady agzalan ýaryşda çykyş edip bilmändi.

Çempionatyň galan böleginde «Aşgabat», «Merw», «Nebitçi» toparlary, megerem, 5-nji orun ugrunda göreşse gerek.