Tennis boýunça türkmen tälimçileri Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň buýrugy bilen guralan okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Halkara Olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti, Halkara tennis federasiýasy (ITF) hem-de Türkmenistanyň tennis federasiýasy okuw maslahatynyň guramaçysy bolup çykyş etdiler.
Halkara tennis federasiýasynyň serişdelerini peýdalanmak bilen geçirilýän bu sapaklara Daşoguzdan, Marydan, Türkmenabatdan we Aşgabatdan 30 töweregi hünärmen gatnaşdy.
Okuw-maslahatynyň maksady tennis boýunça milli hünärmenleriň bilimini ýokarlandyrmak, olary eminligiň täze düzgünleri bilen tanyşdyrmak hem-de ITF-niň türgenleşiklerini geçirmek bolup durýar.
Synaglary üstünlikli tabşyran tälimçiler okuw maslahat tamamlanandan soň Halkara tennis federasiýasynyň tälimçiniň derejesini tassyklaýan sertifikatyna eýe boldular.