Hormatly Prezidentimiziň golaýda çapdan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby hytaý dilinde neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň dürli dillere terjime edilmegini haýyş edip, dünýäniň giň ylmy köpçüliginden yzygiderli haýyşnamalaryň gelip gowuşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Dünýäniň iň giňden ýaýran dilleriniň biri bolan hytaý dilinde çapdan çykan bu kitap dostlukly ýurduň halky üçin türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasy, asylly ýörelgeleri hem-de milli däpleri hakyndaky maglumatlary ene dilinde okamaga mümkinçilikdir.
Munuň özi özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugruny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, birek-biregiň taryhyny we medeni mirasyny has-da içgin öwrenmäge ýardam berýär.
www.metbugat.gov.tm